Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 6G tä­ze ne­sil in­ter­net ul­ga­my­ny işe gi­riz­mek ug­run­da bäs­le­şik bar­ha gy­zyş­ýar. Mu­nuň üçin Hy­taýyň paý­tag­ty Pe­kin­de we Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de de­giş­li inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­dil­ýär. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ylmy-bar­lag mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de 6G ul­ga­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi, mag­lu­mat­la­ry ge­çir­me­giň gi­ga­baýt­dan te­ra­baýt­la­ra çen­li ýo­kar­lan­ma­gyna müm­kin­çi­lik be­rer. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy eme­li aň hem-de sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­lar ýa­ly ul­gam­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. 6G ul­ga­my bol­sa san­ly ul­gam­da köp san­ly öw­rü­li­şik­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik dö­re­der. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 6G ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gin­de ABŞ we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­li bo­lar. Bu ýurt­lar­da 5G ul­ga­my dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lyp, 6G ul­ga­my üçin hem ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ril­ýär.
Ýew­ro­pa se­bi­tin­de «No­kia» we «Ericsson» kom­pa­ni­ýa­la­ry «Hexa-X» tas­la­ma­sy­ny işe gi­riz­di­ler. Oňa baş­ga kom­pa­ni­ýa­la­ry hem çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Onuň mak­sa­dy Ýew­ro­pa se­bi­tin­de 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek­den yba­rat­dyr.

Mer­dan SE­ÝIT­LI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.