Hytaýyň paýtagty Pekinde 6G tehnologiýasy senagat innowasiýa forumy geçirildi. Ýurt ýakyn geljekde aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli ösdürmegi meýilleşdirýär. Maslahatda internet aragatnaşygynyň 6-njy nesliniň 2030-njy ýylda täjirçilik maksatly ýola goýulmagyna garaşylýandygy bellenildi. 6G diňe ýokary tizlik däl, eýsem, emeli aň goldawly gurluş hökmünde işlenip düzülýär. Emeli aň tehnologiýasy diňe enjamlara däl, aragatnaşyk desgasyna, terminallara we beýleki ähli birliklere ornaşdyrylar. Aragatnaşygyň geljekki nesli häzirkilerden tapawutlylykda, Ýeriň orbitasyndaky emeli hemralardan hem peýdalanar. Munuň netijesinde, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary medeni zolaklardan uzakda we deňizlerde hem elýeterli bolar.
Häzirki wagtda Hytaýyň 300-den gowrak şäherinde we oba ýerleriniň 90 göteriminde 5G internet aragatnaşygy bar. 6G-niň işlenip taýýarlanmagyna ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri we telekommunikasiýa kompaniýalary gatnaşýar.
Parahat Kömekow,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
PDF









