Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döredilen gününden (1948-nji ýylyň 7-nji apreli) iki ýyldan soň, has takygy 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenip geçilýär. Her ýyl başga bir şygar bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli halkara derejesinde birnäçe forumlar, konferensiýalardyr pikir alyşmalar geçirilýär. Soňky ýyllarda howanyň hapalanmagy, dünýädäki umumy maýylganlyk, şäher senagatynyň ösmegi, tehnologiýanyň ösmegi we kosmos barlaglary adam saglygyna köp babatda täsirini ýetirýär.
Adam saglygy ähli zatdan ileri goýulýan mesele bolup, ekologiýa abadançylygyny gazanmak, kesel töwekgelçiligini azaltmak we käbir ýokuşmalaryň öňüni almak babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Her ýyl Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň dykgatyna saglyk bilen bagly teklipler hödürlenilip, täze başlangyçlar öňe sürülýär.
PDF









