2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjanda ýurduň Prezidenti Ilham Aliýewiň karary boýunça möhletinden öň Prezident saýlawlary geçiriler.
“7-nji dekabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew döwlet Baştutanynyň nobatdan daşary saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Merkezi saýlaw komissiýasyna fewral aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy” diýlip, döwlet Baştutanynyň web saýtyndaky beýanatda bellenilýär.
Ilham Aliýew ýene-de Respublikanyň Prezidenti wezipesine dalaş edip biler.