Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Bawariýa” 2 oýundaky utuk ýitgisinden soň, öz meýdançasynda 3-nji orunda barýan “Hoffenhaýmyň” derwezesinden 5 gol geçirdi. Münhenlileriň doly artykmaçlygynda geçen oýunda 20-nji minutda Keýn 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açdy. 17-nji minutda 1 oýunçysy gyzyl kart alan “Hoffenhaým” 35-nji minutda Kramariçiň goly bilen hasaby deňledi. Ýöne emin ýene-de münhenlileriň peýdasyna jerime meýdançasynyň içindäki ak nokady görkezdi. Keýn muny hem dürs urup, toparyny 2-nji gezek öňe saýlady. 45+2-nji minutda Luis Diaz aratapawudy artdyrdy. Ýyldyz oýunçy 2-nji ýarymda-da 2 gol geçirip, Hames Rodrigesden soň “Bundesligada” het-trik eden 2-nji kolumbiýaly futbolçy boldy. Şeýle-de, Keýniň “Bundesligadaky” gollarynyň sany 84 oýunda 86-a ýetdi.
2-nji ýerdäki “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Wolfsburgy” Brandt hem-de Girassiniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.
“Köln” bilen bolan duşuşykda dubl eden Baumgartner topary “Leipsige” myhmançylykda ýeňiş getirdi (2-1).
21-nji tapgyryň netijeleri:
Union Berlin – Aýntraht: 1-1 (Kwerfeld 87 p – Braun 84),
Haýdenhaým – Hamburg: 0-2 (Kenigsderffer 45+3, Filipp 78),
Fraýburg – Werder: 1-0 (Beste 13),
Sankt-Pauli – Ştutgart: 2-1 (Saliakas 35, Sinani 55 p – Leweling 90),
Maýns – Augsburg: 2-0 (Amiri 8 p, 79 p),
Wolfsburg – Borussiýa D: 1-2 (Kulierakis 52 – Brandt 38, Girassi 87),
Borussiýa M – Baýer: 1-1 (Engelhardt 10 – Sander 44 ö.d.),
Köln – Leipsig: 1-2 (Tilmann 51 – Baumgartner 29, 56),
Bawariýa – Hoffenhaým: 5-1 (Keýn 20 p, 45 p, Luis Diaz 45+2, 62, 69 – Kramariç 35)
PDF









