Marokkoda geçirilýän 35-nji Afrika Milletler Kubogy ýaryşynda toparçalardaky 1-nji duşuşyklar tamamlandy.
“E” toparçada Alžiriň ýygyndysyna Sudanyň milli toparynyň ýeňmek kyn düşmedi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan alžirlileriň adyndan Riýad Mahrez (2) bilen Ibrahim Maza tapawutlandy. Sudanyň ýygyndysynda 39-njy minutda Salah Adel gyzyl kart aldy.
Toparçadaky beýleki oýun taryhy wakalara baý bolup, Burkina Fasonyň ýygyndysy Ekwator Gwineýasynyň milli toparyny taryhy kembek bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. 85-nji minutda Ekwator Gwineýasy Aniebohyň goly bilen öňe geçdi. Ýöne Burkina Faso 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, ýeňiş gazanmagy başardy. 50-nji minutdan soň 1 oýunçy kem oýnan Ekwator Gwineýasynyň derwezesinden ýeňiş gollaryny 90+5-nji minutda Miningou bilen 90+8-nji minutda Tapsoba geçirdi.
“F” toparçadaky 2 duşuşyk hem faworitleriň 1-0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Soňky çempion Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Mozambigiň milli toparyny “Mançester Ýunaýtediň” ýaş oýunçysy Amad Diallonyň (49), Kamerun bolsa Gabonyň ýygyndysyny Etta Eýongyň (6) ýeke-täk goly bilen utdy.
Afrika Milletler Kubogynda bu gün arakesme bolup, toparlar duşuşyk geçirmezler. Toparçalardaky 2-nji duşuşyklara ertir badalga berler.
PDF









