Nigeriýanyň Prezidenti Bola Tinubu geljekde Afrikanyň Merkezi Bankynyň ştab-kwartirasynyň Abuja şäherinde esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi. – Şeýle edaranyň döredilmegi, 1991-nji ýylda Afrikanyň ykdysady bileleşiginiň emele gelmegini göz öňünde tutýan Abuja şertnamasyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryndan biridir – diýip, Bola Tinubu Addis-Abebada geçirilen 37-nji Afrika Bileleşiginiň sammitinde aýtdy.
-Nigeriýanyň häkimiýetleri Afrika Bileleşiginiň komissiýasy bilen bilelikde Afrikanyň Merkezi Bankynyň Abuja şäherinde 2028-nji ýylda işe başlamagyny ýola goýmaga taýýardyr. Afrikanyň integrasiýa meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi, yklymyň ýolbaşçylarynyň tagallalaryny birikdirmek baradaky kararyna baglydyr. Biz bilelikdäki tagallalar bilen global howanyň üýtgemegi, jemgyýetde demokratiýanyň esaslaryny giňeltmek we halkara söwda alyş-çalyşlary bilen baglanyşykly ähli kynçylyklary ýeňip geçip bileris. Biziň maksadymyz Afrika üçin 2063-nji ýyldaky umumy meýilnamany durmuşa geçirmekden ybaratdyr” – diýlip, Nigeriýanyň Prezidenti Bola Tinubu belledi.
Nigeriýanyň Prezidenti Addis-Abebadaky duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesini şu ýylyň aprel aýynda Abuja şäherinde geçiriljek Afrikanyň terrorçylyga garşy göreş baradaky sammitine çagyrdy.