UEFA Çempionlar Ligasydna 1/8 finalyň duşuşyklary dowam edýär. Geçen hepde 8 duşuşygyň 4-si geçirilip, galan 4 duşuşyk şu hepde oýnalar

20-nji fewralda, ýagny ertir sişenbe güni “Inter” bilen “Atletiko”, PSW bilenem “Borussiýa Dortmund” toparlary duşuşarlar. “Inter” bilen “Atletiko” mundan öň diňe UEFA Super Kubogynda duşuşyp, ispan kluby 2010-njy ýyldaky şol duşuşykda 2-0 hasabynda ýeňipdi. Sişenbe günki oýun PSW bilen “Borussiýa Dortmundyň” arasyndaky özara 3-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki 2 oýunda dortmundlylar 1 gezek ýeňip, beýleki duşuşyk deňlikde tamamlandy.

21-nji fewralda, çarşenbe güni ýene bir italýan-ispan klublarynyň duşuşygy bolar. Dünýä futbolynyň ägirdi, merhum Diego Maradonanyň çykyş eden 2 klubunyň arasyndaky 1-nji duşuşyk Neapolda geçirilip, “Napoli” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder. Iki topar mundan öň 4 gezek duşuşypdy we şolarda katalonlaryň 2 ýeňşi bar (2 deňlik). “Porto” bilen “Arsenal” hem özara 7-nji duşuşyklaryny Portugaliýada geçirerler. Mundan öňki 6 oýnuň 3-sinde “Arsenal”, 2-sinde “Porto” ýeňiş gazanypdy.