Animasiýalaryň arasynda geçirilýän “Annual Annie” baýraklarynda ýylyň tapawutlananlary mälim edildi. 51-nji gezek gowşurylan baýraklarda iň gowy animasiýa diýlip, “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse) multfilmi saýlandy. “Sony Pictures Animation”-yň önümi bolan ekran eseri ýylyň iň köp baýrakly multfilmi “Oglan we guş” (Kimitachi wa Do Ikiru ka) animesinden hem-de “Nimona” animasiýasyndan öňe saýlanmagy başardy. “Möý adam: möý älemine geçiş” animasiýasy dabarada 7 baýrak gazandy. Iň gowy režissýor, iň gowy animasiýa effekti, iň gowy montaž topary, iň gowy saz, iň gowy çeperçilik bezegi hem-de iň gowy animasiýa gahrymanlary bezegi ugurlary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

Iň gowy garaşsyz (uly studiýalara degişli bolmadyk, az býujetli) animasiýa baýragyna-da “Robotyň arzuwy” (Robot Dreams) atly multfilm mynasyp boldy. Fransiýa hem-de Ispaniýanyň önümi bolan bu multfilmde sözsüz animasiýa bolup, ony Pablo Berger surata düşürdi.

Iň gowy gysga göwrümli animasiýa diýlip, Uruş tamamlandy” (War Is Over!) atly 11 minutlyk multfilm saýlandy. “Şadyýan Gi: Nawagraha” (Ghee Happy: “Navagraha) atly köp seriýaly animasiýa mekdebe çenli çagalar üçin iň gowy teleýaýlym animasiýasy baýragyna laýyk görüldi.

“Gök gözli samuraý” (Blue Eye Samurai) atly ýetginjekler üçin “Netflix”-iň önümi bolan köp seriýaly anime multfilmi-de teleýaýlym ugurlary boýunça jemi 6 baýrak gazandy. Dabarada başga-da animasiýa bilen baglanyşykly birnäçe baýraklar gowşuryldy.