Kansler Merkeliň ýolbaşçylyk edýän Hristian-demokrat bileleşigi hem-de Hristian-sosial bileleşigi HDS/HSS saýlawçylaryň 33 göteriminiň sesine eýe boldy. Ýurduň parlamentiniň, ýagny Bundestagyň düzümine saýlanmak üçin geçirilen saýlawlarda Merkeliň esasy bäsdeşi Martin Şulsyň ýolbaşçylyk edýän Sosial-demokrat partiýasy 20,5 göterim ses aldy. Saýlawlarda üçünji orny bolsa, 12,6 göterim ses alyp, “Germaniýa üçin alternatiw” (AdG) partiýasy eýeledi.
Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. Ähli partiýalar mundan ozalky saýlawa garanyňda, az ses aldy. Sosial-demokrat partiýasy öz taryhyndaky iň pes görkezijä eýe boldy. Ýurduň 6 syýasy partiýasy parlamente deputat hödürlemäge mümkinçilik aldy.
Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, saýlawa gatnaşan saýlawçylaryň gatnaşygy 76,2 göterime deň boldy. Bundestagyň ozalky saýlawynda saýlawçylaryň 71,5 göterimi ses beripdi.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Bundestaga Meklenburg bir mandatly okrugyndan saýlandy. Bu okrugda oňa saýlawçylaryň 44 göterimi ses berdi.
Saýlawlaryň netijesi boýunça ýurtda täze hökümet düzüler we täze kansler bellener. Angela Merkeliň aýtmagyna görä, ol ýene-de birnäçe syýasy partiýa bilen bilelikde täze hökümeti düzer. Täze hökümeti we kansleri saýlamak üçin 355 deputatyň goldawy möhüm bolup durýar. Merkeliň topary 33 göterim ses bilen Bundestagda 246 orun almagy başardy.
Şu ýylyň 12-nji oktýabrynda täze Bundestagyň mejlisi geçiriler we şonda ahyrky resmi netijeler hem aýan ediler. 19-njy täze Bundestagyň düzümindäki deputatlaryň sany köpeldi we olar 709-a deň boldy.