- Dünýädäki iň çuň ýer Ýuwaş ummanyndaky Mariana çöketligi hasaplanýar. Onuň çuňlugy 11 kilometre barabar.
- Ananasyň ösmegi üçin 2 ýyl gerek.
- Armadillosa (Latyn Amerikasynda ýaşaýan sowutly süýdemdiriji) ok geçmeýär. Bu süýdemdirijini daşyndaky teňňeli gabygy we top ýaly ýygrylýan bedeni dürli howpdan goraýar.
- Niagara şarlawugy howanyň sowuklygyna garamazdan hiç wagt doňmaýar.
- Gizanyň piramidasyny emele getirýän her bir daşyň agramy 2,5 tonna barabar. Bu üçburç binany gurmak üçin şeýle daşdan 2,3 milliony ulanylypdyr.
- Beýik Hytaý diwaryny başdan-aýak ýöräp geçmek üçin 18 aý gerek bolýar. Diwaryň uzynlygy 8 müň kilometrden gowrak.
- Beliziň (Merkezi Amerika döwleti) baýdagy dünýäniň iň köp reňkli baýdagy hasaplanýar. Bu baýdakda jemi 12 reňk bar.
Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde iň köp syýahat edilýän ýurt Fransiýa bolup, her ýyl 85 million töweregi daşary ýurtly barýar. Bu ugurda ikinji orunda ABŞ we Ispaniýa gelýär. - Braziliýa iň köp biodürlülige eýe bolan ýurt hasaplanýar. Bu ýurtda 50 müňden gowrak agaç we ösümlik duş gelýär.