26-njy fewralda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, özbek tarapy “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi barada tanyşdyrdy.