Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Arkadag» futbol topary bilen Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparynyň oýunçylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýun Abu-Dabide ýapyk şertde geçirildi, bu ýerde iki klub hem täze möwsüme taýýarlanýar.

Russiýanyň çempiony baş tälimçi Sergeý Semagyň esasy toparyň öňki iki türgenleşigine gatnaşmadyk we RPL-iň güýzki tapgyrynda ýeterlik oýun tejribesi bolmadyk oýunçylary synagdan geçirmekçi bolandygy sebäpli meýdança esasy oýunçylar çykmady.

Şeýle bolsa-da, oýunda hasaby «Zenit» topary açyp, fransiýaly hüjümçi Wilson Izidor tapawutlandy. «Arkadag» toparyndan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewiň dürs urgusyndan soň hasap deňlendi.

Ceşme: sportcom.gov.tm