ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň hem-de Meksikanyň çempionaty MX-iň çempionlarynyň arasyndaky “Campeones Cup” duşuşygy geçirildi. Maýami şäherindäki “Nu Stadium”-da oýnalan duşuşykda “Inter Maýami” bilen “Kruz Azul” duşuşdy. Oýunda amerikanlar 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Argentinaly super ýyldyz 24-nji minutda kelle urgusy bilen hasaby açdy. Onuň 81-nji minutda ýerine ýetiren burçdan urgusynda topy kellesi bilen tora girizen Kazemiro hasaby 2-0-a ýetirdi. Duşuşygy 1 gol, 1 asist bilen tamamlan Lionel Messiniň “Inter Maýami” toparyndaky gollarynyň sany 100-e ýetdi. Şol bir wagtyň özünde-de bu Messiniň “Inter Maýamidäki” 4-nji kubogy bolup, ol amerikan klubuna transfer bolanyndan bäri her ýyl 1 kubok gazanyp gelýär. Umumylykda 39 ýaşyndaky super ýyldyzyň karýerasy boýunça gazanan kuboklarynyň sany 49-a ýetip, ol bu sanawda beýleki bäsdeşlerinden öňde barýar.
Duşuşykdan soň “Inter Maýaminiň” paýdarlaryndan Dewid Bekham şu möwsümde-de “Altyn top” baýragyny Lionel Messiniň almalydygyny belläp geçdi. Ol 39 ýaşynda şeýle başarnyk görkezýän başga oýunçynyň ýokdugyny aýtdy.
PDF








