Ispaniýanyň Şa Kubogynda 2-nji finalçy belli boldy. 1-nji oýunda myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Atletik Bilbao” öz meýdançasynda “Atletiko Madridiň” derwezesinden jogapsyz 3 pökgi girizdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda bilbaolylaryň gollaryny doganlar Iniaki Williams (13) bilen Niko Williams (42) hem-de Guruseta (61) geçirdi. Iniaki Williamsyň geçiren golunyň pasyny Niko Williams, Nikonyň geçiren golunyň pasyny-da Iniaki berdi. Netijede, 2 oýnuň hasaby boýunça 4-0 ýeňiş gazanan “Atletik Bilbao” topary 40-njy gezek finala çykdy. Ispaniýanyň Şa Kubogyny iň köp gazanan 2-nji topar bolan “Atletik Bilbao” şu wagta çenli 23 gezek ýeňiş gazanyp, 16 finalda-da utuldy.

“Atletik Bilboanyň” finaldaky garşydaşy “Malýorka” bolup, olar ýarym finalda “Real Sosiedad” toparyndan üstün çykypdy. Golsuz geçen 1-nji oýnuň jogap duşuşygynda “Malýorka” myhmançylykda 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Netijede, penaltilerde “Malýorka” 5-4 hasabynda öňe saýlanyp, taryhynda 1991-nji, 1998-nji we 2003-nji ýyldan soň 4-nji gezek finala çykdy.

“Malýorka” bilen “Atletik Bilbaonyň” arasyndaky final duşuşygy 6-njy aprelde Sewilýanyň La Kartuha stadionynda geçiriler.