Dünýä belli awiagurluşyk korporasiýasy “Boeing” özüniň daşary ýurtdaky ilkinji merkezini Hytaý Halk Respublikasynda açýar. ABŞ-nyň iri kompaniýasy Hytaýyň raýat awiagurluşyk korporasiýasy (COMAC) bilen uçarlaryň soňky tapgyrdaky ýygnama işlerini geçirmek üçin merkez döredýär. Bu kompaniýanyň daşary ýurtdaky ilkinji merkezi bolmak bilen uçarlary eltip bermek hyzmatyny hem amala aşyrar.
Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Çženszýan welaýatynyň Çžouşan şäherinde awiasion merkezi dörediler. Bu ýerde bilelikdäki önümçilik kärhanasy işlär. Hytaýyň korporasiýasynyň habar bermegine görä, merkeziň gurluşygy 2018-nji ýylyň maý aýynda tamamlanar. Indiki ýylyň ahyrynda bu merkezde “Boeing – B737 MAX” uçarynyň ýygnama işleri amala aşyrylar.
Çžouşan şäherindäki merkezde uçarlaryň soňky gurnama işleri amala aşyrylyp, her ýyl 100 uçaryň eýelerine gowşurylmagy meýilleşdirilýär. Täze kärhananyň ilkinji maýa goýumy 55 million dollara deňdir. Onuň 33 millionyny “Boeing” kompaniýasy maliýeleşdirip, kompaniýanyň paýnamalarynyň 60 göterimine eýeçilik edýär. Hytaýyň korporasiýasy 22 million dollar sarp edip, paýnamalaryň 40 göterimine golaýyna eýe bolar.