Dünýäniň iň köp syýahat edilýän şäherleriniň biri hasaplanýan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki meşhur Eýfel diňine 1889-njy ýyldan bäri, 300 million syýahatçy geldi. Eýfel diňine gelýänleriň sany her ýyl yzygiderli köpelýär. 300 millionynjy syýahatçy üçin şäheriň häkimligi tarapyndan dabara guraldy.
1889-njy ýylda Bütindünýä sergisi üçin gurlan hem-de 324 metr beýikligindäki demirden ýasalan diňe soňky ýyllarda gelýänleriň sany barha artýar. Ilkinji 70 ýylynda bu ýere 35 million adam geldi. Pariži guşuçar belentliginden synlamak üçin Eýfel diňine çykýanlaryň sany her ýyl 7 million syýahatça golaýlaýar. Eýfel diňi gijelerine 20 müň çyranyň hasabyna dürli öwüşginler bilen Pariž şäheriniň görküne görk goşýar.
Dünýä belli Eýfel diňiniň gurluşygy üçin geçirilen bäsleşige 100-den gowrak inžener gatnaşdy. Olaryň arasynda binagär Gustaw Eýfel hem bardy. Onuň taslama edarasynyň taýýarlan taslamasy bäsleşikde ýeňiji boldy we Eýfel diňi guruldy. Onuň gurluşygyna 1887-nji ýylda girişildi we gurluşyk işleri 2 ýyl, 2 aý hem-de 5 gün dowam etdi. Bu diňiň beýikligi 324 metre we agramy 10 müň tonna barabardyr.