Fransiýanyň paýtagty Parižde şu ýylyň 1-nji oktýabrynda “awtoulagsyz gün” yglan edildi. Şol gün sagat 11:00-dan agşam 18:00-a çenli parižliler şäherde tigirli, ekologiýa taýdan arassa ulaglarda (welosiped, rolik we ş.m.) hem-de pyýada hereket etdiler. Bu barada “France Press” agentligi habar berýär.
Şol gün taksi, gyssagly kömek berýän we beýleki jemgyýetçilik ulaglarynyň hereket etmegine rugsat berildi. Ýöne olaryň tizligi sagatda 30 kilometre (30 km aşak) çenli çäklendirildi. Köçeleriň gözegçiligini polisiýa gullugynyň hem-de şäheriň degişli gulluklarynyň işgärleri alyp bardy. Düzgüni bozanlara 90-135 ýewro möçberinde jerime salyndy.
Şeýle çäre üçünji gezek geçirilýär. Bu başlangyja şäheriň meri Ann Idalgo hem goldaw berýär. 2014-nji ýylda şäheriň häkimi wezipesine saýlanan syýahatçy bu çäräniň howanyň arassa bolmagyna hem-de şäherde ulag dyknyşygynyň azalmagyna ýardam berýändigini belleýär. Onuň ýolbaşçylygyndaky häkimlik jemgyýetçilik ulaglary hem-de welosipedçiler üçin täze ugurlary döredýärler.
– Bu başlangyjyň maksady şäheriň lezzetini görmekden ybarat. “Awtoulagsyz gün” şadyýan we dostlukly gün – diýip, şäher ulaglaryna jogapkär Kristof Naýdowskiý belleýär.
– Bu arassa howa üçin örän gowy. Sessiz şäherde gezelenç etmek ajaýyp duýgulary kemala getirýär – diýip, “Сhicago Tribune” neşirinde şäheriň ýaşaýjysy Maksin Denis gürrüň berýär.
“Le Monde” neşiriniň habaryna görä, 2016-njy ýylda geçirilen “awtoulagsyz gün” çäresiniň hasabyna howadaky azot diosidiň derejesi 20-35 göterim azaldy.
Şeýle hem 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen howanyň üýtgemegine bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde Pariž ylalaşygy kabul edilipdi. Ol dünýäniň ençeme ýurdunyň goşulyşmagy bilen güýje girip, howanyň üýtgemegine garşy ählumumy derejede göreş alyp barmagy göz öňünde tutulýar.