4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS — 2024) badalga berildi. Daşary ýurtly talyplaryň ýurdumyza gelip gatnaşmagynda bu halkara olimpiada indi ikinji gezek geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin 7 döwletden, has takygy, Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Olimpiada ady agzalan döwletlerden jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdepden 110-dan gowrak, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek maksady bilen guralýan bu halkara olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Bellenen tertipdäki meseleleri çözmek üçin oňa gatnaşyjylara 5 sagat wagt berilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr. Olimpiadanyň netijesi şahsy we toparlaýyn bäsleşikde toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitlener. Ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar hem-de, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle-de belli bir meseläni üýtgeşik usul bilen çözen talyp ýörite baýrak bilen sylaglanar.
8-nji martda öz işini tamamlajak halkara olimpiadanyň maksatnamasy giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Onuň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, şol sanda muzeýlere, söwda we dynç alyş merkezlerine, şeýle-de «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti.