Adamlar käwagt öz-özi bilen gepleşýärler. Bu ýagdaý geň görünse-de, ol adamyň pikirlerini tertipleşdirmeginiň adaty görnüşleriniň biridir. Adam kyn mesele barada oýlananda ýa-da bir netijä gelmäge synanyşanda, pikirlerini sesli aýdyp biler.

Öz-özüň bilen gepleşmek, ilkinji nobatda, pikirleri aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Adam näme etmelidigine ýa-da haýsy karary kabul etmelidigine sesli pikirlenmek arkaly has gowy düşünip bilýär. Mysal üçin, okuwçy matematikadan kyn meseläni çözýän wagty, sanlary, ýerine ýetirilmeli amallary  sesli aýtsa, has aňsat çözer.

Mundan başga-da, adamlar özlerini ruhlandyrmak üçin hem öz-özi bilen gepleşýärler. «Men muny başararyn», «Täzeden synanyşaryn» ýaly sözler adama ynam we güýç berip biler. Şeýle hem adam öz duýgularyna düşünmek üçin pikirlerini sözler arkaly beýan edýär.

Gündelik durmuşda hem öz-özüň bilen gürleşmegiň köp görnüşine duş gelýäris. Bir zady gözlänimizde, meýilleşdiren işlerimizi ýadymyzda saklamakçy bolanymyzda ýa-da möhüm bir meseläni çözmäge synanyşanymyzda sesli pikirlenip bilýäris. Köp adam bolsa, bir işe gümra bolýan wagty aýdyma hiňlenýär.

Netijede, öz-özüň bilen gepleşmek adamyň pikirlenişiniň we özüni tanamagynyň tebigy bölegidir. Bu endik pikirleri tertipleşdirmäge, duýgulary düşündirmäge we dürli ýagdaýlarda dogry çözgüt tapmaga kömek edip biler.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.