Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda boldy. Ol ýurduň Prezidenti Hasan Ruhani bilen gepleşikler geçirdi. Şol gepleşikleriň barşynda taraplar mundan beýläk özara hasaplaşyklary milli pul birlikleri arkaly amala aşyrmak babatda ylalaşdylar. Bu barada çykyş eden Türkiýäniň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda milli pul birlikleriniň ulanyljakdygyny belledi.
Onuň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda iki ýurduň milli banklarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçiriler we şonda bu mesele jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň iri banklary Eýranda, Eýranyň banklary bolsa, Türkiýede öz şahamçalaryny açarlar. Bu ýagdaý-da ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine goşant goşar. Her iki ýurduň ýolbaşçy düzümi özara haryt dolanyşygyny 30 milliard dollar derejesine ýetirmegi göz öňünde tutýar. Türkiýäniň Prezidentiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäklerinde 4 ylalaşyga gol çekildi.