Şu ýylyň mart aýynda Ýewropada täze ulaglaryň söwdasy 6 göterim artdy. Bu ösüş depgini 31 aýdan bäri saklanyp gelýär. Hasabat döwründe Ýewropanyň öňdebaryjy ulag öndürýän kompaniýalaryndan “Volkswagen AG”-niň söwdasy birneme azaldy.
Ýewropanyň Awtoulag öndürijiler bileleşiginiň maglumatyna görä, ýanwar-mart aýlarynda hasaba alnan awtoulaglaryň sany 8,2 göterim artyp, olar 3,8 milliona golaýlady. Diňe mart aýynda bolsa, hasaba alnan ulaglaryň sany 1,7 milliona barabar boldy. Degişli döwürde, esasan hem, Islandiýada, Norwegiýada we Şweýsariýada ulaglaryň söwdasy 5,7 göterim artyp, 1,745 million awtoulaga deň boldy.
Germaniýa Ýewropada iň uly awtoulag bazary hasaplanýar. Soňra degişlilikde Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Ispaniýa gelýär. Ýewropa ýurtlarynda “Audi”, “Skoda”, “Porsche” we “Volkswagen” kysymly ulaglar has geçginli. Soňky ýyllarda Fransiýada öndürilýän “Peugeot”, “Renault” we “Citroen” ýaly ulaglara-da isleg barha artýar.
Mundan başga-da Ýaponiýanyň dünýä belli “Toyota” we “Mazda” kompaniýalarynyň, Günorta Koreýanyň “Hyundai” we “KIA” şereketleriniň öndürýän ulaglary-da uly islegden peýdalanýar.