UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşygynyň çäginde “Arsenal” öz meýdançasynda “Porto” bilen duşuşdy. 1-nji duşuşykda 1-0 hasabynda asgyn gelen londonlylar öz meýdançasynda garşydaşyny oýundan soňky penalti urgularynyň netijesinde ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň esasy wagtyndaky ýeke-täk goly Edegoryň owadan pasyndan soň 41-nji minutda Leandro Trossar geçirdi. Galan minutlarda hem-de goşmaça wagtda hasap üýtgemedi. Oýundan soň penaltileri birkemsiz ýerine ýetiren “Arsenal” 4-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, 14 ýyldan soň ilkinji gezek çärýek finala çykdy. “Arsenal” topary 7-nji gezek çärýek finala çykyp, topçular soňky sapar 2010-njy ýylda iň gowy 8 toparyň arasyna goşulypdy.