Çagalara dogruçyl bolmagy öwretmek olaryň jemgyýetçilik gatnaşygy we duýgy taýdan ösüşi üçin örän möhümdir. Çagalaryň dogrusyny aýtmagy we dogry hereket etmegi öwrenmeginde esasy wezipe ene-atalara hem-de terbiýeçi hünärmenlere degişlidir. Dogruçyllyk terbiýesi çaga doglan gününden başlap, kämillik ýaşyna ýetýänçä yzygiderli gözegçilikde saklanmaly. «Görümiň näme bolsa, göreldäň şol» diýlişi ýaly, çagalara dogruçyl häsiýetli adamlary nusga görkezmek we olaryň adamlar bilen gatnaşygyny mysal getirmek, şeýle hem özüňiziň şahsy görelde bolmagyňyz arkaly çaganyň dogruçyllyk duýgusyny terbiýelemeli. Ýalan sözlemezlik, islendik ýagdaýda dogryňy aýtmak gowy häsiýetleriň biri bolup, bilermenler çagalarda dogruçyllyk endigini ýola goýmagyň 5 usulyny hödürleýärler.
Görelde bolmak. Çagalar töweregindäki ulularyň özüni alyp barşyna syn etmek arkaly köp zatlary öwrenýärler. Şol sebäpli, ilki bilen, maşgala gatnaşygynda dogruçyllygy görkezmek örän möhümdir. Munuň üçin ene-ata we ulular hormat-sylagly bolmaly, biri-birini aldamaly däl, şeýle hem ýalan gürrüňleri we bolmajak zatlary aýdyşmaly däl. Bu çaganyň ösüşi üçin derwaýys bolup, maşgala gymmatlygyna we maşgala agzalaryna hormat goýmagyna hem-de görelde almagyna ýardam eder. Çagalara kiçilikden ýalňyşlygy boýun almagy hem-de dogruçyl adamlaryň göreldesine eýermegi öwretmeli.
Dogruçyl bolmagyň artykmaçlygyny öwmek. Çagalar hakykaty aýdanda, onuň dogruçyllygyny ykrar etmeli hem-de munuň gowy häsiýetdigini öwmeli. Mysal üçin, çaga öýde hiç kim ýok wagty gap-gaç döwen bolsa hem-de ol hakykaty aýdyp, eden işini boýun alsa, onda oňa käýemeli däl-de, sagbolsun aýtmaly. Şeýle ýagdaýda çaga ýalňyşlyklaryny düzedip, kämil ynsan bolup ýetişer hem-de islendik ýagdaýda hakykaty aýtmagy endik eder.
Aldamagyň netijesini düşündirmek. Çagalar kiçilikde ýalan bilen çynyň parhyna düşünip bilmeýärler. Olar hakykaty aýtmakdan çekinip ýa-da temmi berilmeginden gorkup aldap bilerler. Şeýle-de bolsa, çagalara ýalan sözlemegiň erbet häsiýetdigini, özüne hem-de daş-töweregine zyýan berjekdigini düşündirmeli. Ýalan sözleýänleri köpçüligiň halamaýandygyny, dostunyň bolmaýandygyny hem-de oňa hiç kimiň ynanmaýandygyny ertekilerdir rowaýatlaryň üsti bilen mysal getirmeli.
Kynçylyklary dogry ýol bilen ýeňmegi öwretmek. Käte çagalar kyn ýagdaýa düşende ýalan sözläp başlaýarlar. Mysal üçin, käbir çaga mekdepde pes baha alanda mugallymyny günäkärleýär. Çagalara kiçilikden kynçylyga döz gelmegi hem-de islendik meseläni dogry usul bilen çözmegi öwretmeli. Şeýle hem kyn ýagdaýlarda ululardan kömek soramagyň we maslahatlaşmagyň artykmaçlygyny mysallar bilen düşündirmeli. Kiçijik ýalanlaryň geljekde uly kynçylyklara getirýändigini düşündirmeli.
Garaşylýan zatlary kesgitlemek. Çagalaryň arzuwlarynyň köp bolşy ýaly, garaşýan zatlary hem köp bolýar. Emma olaryň garaşýan zatlary toslama hem bolup biler. Mysal üçin, çagalaryň ertekilerdäki ýa-da multfilmlerdäki käbir zatlary dogry diýip hasaplamagy we oňa garaşmagy, köp babatda täsirini ýetirip bilýär. Çagalara durmuşda garaşýan zatlaryndan we isleg-arzuwlaryndan dogrularyny saýlamagy öwretmeli. Çagalar garaşýan zadyna düşünmegi we netije çykarmagy başarmaly.
Has kiçi ýaşly çagalar görýän düýşlerini hakyky durmuş bilen tapawutlandyryp bilmeýärler. Şeýle bolansoň, gören düýşüni hakykat bilen garyşdyrýarlar. Käte bolsa, çagalaryň eşiden zadyna ýalňyş düşünip, ony nädogry aýtmagy mümkin. Ata-eneler çaganyň aýdýan zadynyň dogry däldigine göz ýetiren halatynda, onuň anygyna ýetmäge çalyşmaly. Islendik ýagdaýda çaga kemsidilmeli däl. Çagalara dogruçyl bolmagyň ähmiýeti düşündirilmeli. Olar bilen ýakyndan gyzyklanmak, duýgudaş bolmak, joralaryny, dostlaryny, mugallymlaryny tanamak hem-de günüň dowamynda eden işleri barada soramak hem çagalaryň özlerini dogry alyp barmaklaryna ýardam berer.