“Sony a9” foto enjamynyň surata alyş tizligi beýleki- lerden tapawutlanýar. “Sony a7 R II” we “Sony a7 S II” mo- delleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan “Sony” şereketi täze öndüren “Sony a9” enjamy bilen abraýyny has-da ýokarlandyrdy. 42,4 megapiksel durulykda surata düşürýän “Sony a7 R II”-niň tersine 24,2 megapiksel durulyk, Exmor RS CMOS sensory bilen 20 esse tiz maglumatlary işläp bilýär. Bilşimiz ýaly, geçirilýän dabaralarda foto enjamyň ýokary tizlikde surata düşürmegi zerur. Hünärmenler ýokary mümkinçilige eýe bolan “Sony a9”-yň gerekli kadry surata düşürmekde örän netijeli boljakdygyny aýdýarlar.
Foto enjamdaky C1 we C2 diýip atlandyrylan düwme- leriň biri awtomatik sazlaýyşdan, ikinjisi ýagtylyga duýgurlygy sazlaýyşdan ybarat. Onuň çep tarapynda mikrofon, gulaklyk, micro-HDMI, microUSB girişleri we Ethernet, sag tarapynda bolsa, jübüt SD ýady ýerleşdirilen. Arka tarapynda bolsa, 3 dýumlyk ýokaryk-aşak hereket edýän sensorly ekran bar. Durulygyny beýleki foto enjamlardaky ýaly düwmä ýuwaşja basmak arkaly sazlamak hökman däl, basan wagtyň hem sazlaýar hem-de surata düşürýär. Dürli howa şertlerine, tozana çydamly. Batareýasynyň güýji uzak wagta çekmek bilen bir hatarda Wi-Fi arkaly maglumatlary kompýutere ýa-da planşetlere tiz geçirip bolýar.
“Sony a9” “A-mount”, “Canon”, “Nikon” we “Leica” ýaly foto enjamlarynyň obýektiwleri bilen sazlaşykly işleýär.