Şu hepdäniň ahyrynda, ýagny, 15-nji ok-týabrda Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň iri syýasy-jemgyýetçilik wakasyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Respublikanyň ýokary döwlet wezipesi üçin 11 dalaşgär dalaş edýär. Olaryň arasyndan Temir Sariýewiň, Omurbek Babanowyň hem-de Sooronbaý Ženbekowyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
Prezident saýlawlaryna dünýäniň 57 ýurdundan 765-den gowrak halkara synçylar gatnaşar. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.
Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynda döwlet baştutany diňe bir möhlete saýlanýar. Onuň wezipe möhleti 6 ýyl. 2011-nji ýylda prezidentlige saýlanan ýurduň häzirki döwlet Baştutany Almazbek Atambaýew saýlawlardan soňra saýlanan täze ýolbaşça wezipesini tabşyrar.
Ilkibaşda syýasy we jemgyýetçilik wekilleriniň köp sanlysy döwlet Baştutanlygy üçin dalaşgärligini hödürledi. Ýurduň merkezi saýlaw topary hödürlenen dalaşgärleriň maglumatlaryny jikme-jik öwrenip, olaryň 11-sine saýlawlara gatnaşmagy üçin degişli şahadatnamany berdi.