Halkara Pul Gaznasy (HPG) “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini” atly nobatdaky beýanatyny çap etdi. Şol beýanatda bellenişi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde görnetin ösüş gazanylýar. 2017-nji hem-de 2018-nji ýyllardaky ählumumy ösüş depgininiň iýul aýyndaky çaklamalara görä, 0,1 göterim artyp, degişlilikde 3,6 göterime hem-de 3,7 göterime deň bolandygy mälim edildi. Şeýle hem hasabat döwründe dünýäniň iri ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlarda-da ýokary netijeler gazanylýandygy bellenildi.
Üstümizdäki ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 75 göterime barabar boljakdygy çaklanylýar. Bu görkeziji soňky 10 ýylyň iň ýokary netijesi bolar.
2017-nji ýylda bazar ykdysadyýetine geçýän hem-de ösüp gelýän ýurtlaryň ykdysadyýetindäki ösüş depgininiň 4,6 göterim, 2018-nji ýylda bolsa, 4,9 göterime barabar boljakdygy mälim edildi.
HPG-niň iýul aýyndaky görkezijileri bilen deňeşdireniňde, Hytaýyň ykdysady görkezijileri 2017-nji hem-de 2018-nji ýyllarda degişlilikde 6,8 hem-de 6,5 göterime deň bolar.
2017-nji hem-de 2018-nji ýyllar boýunça ösen ýurtlaryň ykdysady ösüşi degişlilikde 2,2 göterime we 2 göterime deňdir. Ýewropa sebitiniň ösüşi degişlilikde 2,1 göterim we 1,9 göterim, Ýaponiýanyňky bolsa, 1,5 we 0,7 göterim.
Maglumatlara görä, 2017-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysady ösüşi 2,2 göterime, 2018-nji ýylda bolsa, 2,3 göterime deň bolar.