Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­na (PA­SE) tä­ze ýol­baş­çy saý­lan­dy. Ol kipr­li Stel­la Ki­ria­ki­desdir. Bu ba­ra­da “RIA No­wos­ti” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Ki­ria­ki­des üçün­ji ge­zek ge­çi­ri­len ses ber­li­şik­de bu ýo­ka­ry we­zi­pä saý­lan­dy. Onuň üçin 132 de­pu­tat ses ber­di. Ol 2018-nji ýy­lyň ýan­war aýy­na çen­li As­samb­le­ýa ýol­baş­çy­lyk eder. Soň­ra PA­SE tä­ze­den ýol­baş­çy­sy­ny saý­lar.
Stel­la Ki­ria­ki­des 2016-njy ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­dan bä­ri As­samb­le­ýa­da Kip­riň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär. Şeý­le hem ol Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň dur­muş, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de dur­nuk­ly ösüş ko­mi­te­ti­niň hem baş­ly­gy bo­lup dur­ýar. Ol Ýew­ro­pa­da ça­ga­la­ra edil­ýän yn­san­per­wer kö­mek­ler ba­bat­da bir­nä­çe yl­my iş­le­riň aw­to­ry­dyr.