18-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýe­wiň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da we se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­le­riň bar­şy bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.
We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da go­wa­ça eki­şi­ne gi­riş­mek we ekiş möw­sü­mi­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çir­mek üçin de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bug­daý meý­dan­la­ryn­da mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek we ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi al­nyp ba­ryl­ýar. Ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar. We­la­ýat­lar­da do­war­lar­dan ow­lak-gu­zy, dü­ýe­ler­den kö­şek al­mak möw­sü­mi do­wam edip, bu jo­gap­kär­li möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Şeý­le hem we­la­ýat­lar­da suw se­riş­de­le­rin­den tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, su­wa­ryş, şor suw aka­ba­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­lar­da­ky we des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gyn­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di we go­wa­ça eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­me­gi­ni, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi hä­kim­le­re tab­şyr­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ugur­da­ky iş­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy hä­kim­le­re tab­şyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­my­zyň pag­ta­çy daý­han­la­ry­na go­wa­ça eki­şi­ne ak pa­ta be­ren­di­gi üçin äh­li oba zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.
Soň­ra wi­se-prem­ýer ýur­du­myz­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­lar­da go­wa­ça eki­şi­ne baş­la­mak üçin de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ekiş­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­lar, pag­ta­çy daý­han­lar üçin ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry möw­sü­me do­ly taý­ýar edil­di. Di­ýa­ry­myz­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ar­ka­ly azyk bol­çu­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak hem-de bu önüm­ler bi­len ila­ty­my­zy bo­le­lin üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şu gün­ler we­la­ýat­la­ryň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýaz­lyk ekin­le­riň eki­şi do­wam ed­ýär.
Ýur­du­myz­da mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak, ola­ry ta­la­ba­la­ýyk idet­mek, mal­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da do­war­lar­dan ow­lak-gu­zy, dü­ýe­ler­den kö­şek al­mak möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam ed­ýär. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­rin­den tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, su­wa­ryş we şor suw aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak, how­dan­lar­da suw top­la­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di we go­wa­ça eki­şi­niň ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da­ky ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, oba ho­ja­ly­gyn­da jo­gap­kär­li möw­sü­miň – go­wa­ça eki­şi­niň ýe­tip ge­len­di­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di we Ahal, Bal­kan, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 20-nji mart­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 27-nji mart­da baş­lan­jak bu möw­sü­miň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­ni tab­şyr­dy.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen gü­ni bi­len hem-de ýe­tip gel­ýän Mil­li ba­har baý­ra­my my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar we hormatly Prezidentimize berk jan sag­lyk, uzak ömür, hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň, Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­ri­niň he­mi­şe üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.