24-nji sentýabrda Türkmenistan demografik durnuklylyk meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çärä gatnaşdy.

Türkmenistan ygtybarly demografik maglumatlaryň, endikleri kämilleşdirmegiň, öndürijilikli iş bilen üpjünçiligiň hem-de ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegiň özara berk baglanyşygyny nygtady.

Şeýle hem türkmen tarapy ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, adam ösüşini, gender deňligini we ýaş nesliň abadançylygyny ilerletmek boýunça BMG-niň Ilat Gaznasy (ÝUNFPA) bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.