Ispaniýanyň Barselona şäheri dünýäniň iň köp syýahatçy barýan ýerleriniň biri hasaplanýar. Kenarýaka güneşli şäherde taryhy eserleriň hem onlarçasy bar. Şäheriň simwollarynyň biri-de “La Sagrada Familia” ybadathanasydyr. Äpet binanyň gurluşygyna 1882-nji ýylda başlanýar. Şol döwürler binanyň gurluşygy üçin ýaşaýjylardan pul kömegi hem kabul edilipdir. “La Sagrada Familia” adaty binalardan örän tapawutly bolup, dik, tekiz diwarlaryň ýerine has çylşyrymly, tebigy beýiklige meňzeýär. Ybadathananyň binagäri Antoni Gaudi Katalonýanyň beýleki binalarynyň hem dizaýnyny taýýarlapdyr. Ussat binagär bu eserini gurup gutarmanka, 1926-njy ýylda 73 ýaşynda aradan çykýar. Emma ol ölenden soňra onuň çylşyrymly çyzgylaryna düşünmek aňsat bolmandyr. Dünýäniň iň ussat binagärler Gaudiniň nähili binany göz öňüne getirendigini bilmek üçin köp ýyl zähmet çekipdir. 141 ýyl geçendigine garamazdan, binanyň gurluşygy dowam edýär. Tamamlanmadyk binany görmek üçin her ýyl millionlarça myhman Barselona barýar. Häzirki wagtda binanyň dört sany diňiniň gurluşygy dowam edýär. Häzirki depginde dowam eden ýagdaýynda bina 2026-njy ýylda, ýagny binagäriniň aradan çykanyna 100 ýyl bolanda, doly gurlup gutarylar. Şeýlelikde, “Sagrada Familia” 172,5 metr beýikligi bilen dünýäniň iň beýik buthanasy bolar.
Binanyň birinji bölümi hem-de Gaudiniň bu şäherdäki beýleki alty binasy ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilipdir. 2026-njy ýylda Barselana ÝUNESKO-nyň Bütindünýä binagärlik paýtagty bolar hem-de bu şäherde Halkara Binagärler Bileleşiginiň (UIA) maslahaty geçiriler.
Pena Rejepow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.