Awst­ri­ýa­da pre­zi­dent saý­la­wy ge­çi­ril­ýär. Onuň il­kin­ji tap­gy­ryn­da «Azat­lyk» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Nor­bert Hof­fer saý­law­çy­la­ryň 36 gö­te­ri­mi­niň se­si­ni alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýur­duň döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne da­laş ed­ýän Nor­bert Hof­fer saý­law­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­sy­nyň döw­rün­de ýur­duň dür­li ýer­le­rin­de eden çy­ky­şyn­da bos­gun­la­ryň ýag­da­ýy ba­ra­da­ky me­se­lä­niň üs­tün­de köp­räk du­rup geç­di. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, bos­gun­lar ba­ra­da­ky ala­da­la­ryň saý­law­çy­la­ryň ün­sü­ni köp­räk çe­kýän­di­gi üçin Hof­fe­riň beý­le­ki bäs­deş­le­ri­ne gö­rä, has köp ses alan­dy­gy mä­lim edil­di. Soň­ky ýyl­lar­da Awst­ri­ýa 100 müň­den gow­rak bos­gu­ny ka­bul et­di.
Hof­fer ikin­ji tap­gyr­da ga­raş­syz da­laş­gär Alek­san­der wan der Bel­len bi­len bäs­le­şer. Şu wagt ýur­duň hö­kü­me­ti­ni do­lan­dyr­ýan So­sia­list par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri kans­ler We­re­ner Faý­man saý­law­dan oňat ne­ti­je ga­za­nyp bil­män­digi­ni mä­lim et­di.
Awst­ri­ýa­da il­kin­ji ge­zek iki iri par­ti­ýa­nyň – so­si­al-de­mok­rat­la­ryň hem-de halk par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gär­le­ri saý­law­dan çe­kil­di. Iki par­ti­ýa­nyň hem da­laş­gär­le­ri ga­ra­şy­lan ne­ti­jä­ni alyp bil­me­di. Saý­la­wyň ikin­ji tap­gy­ry 22-nji maý­da ge­çi­ri­ler.