EURO 2024-de çykyş etjek toparlaryň ýene biri Gruziýanyň ýygyndysy bolup, olar pleý-off C geçelgesiniň finalynda Gresiýa bilen duşuşdy. Tbiliside geçirilen duşuşykda hasap açylmady. Netijede, penalti urgulary ýerine ýetirilip, Gruziýanyň ýygyndysy 4-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, Gruziýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek yklym ýaryşyna gatnaşar. Gruziýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda çykyş etjek 36-njy ýygyndy hökmünde hasaba alyndy. Gruziýanyň milli topary EURO 2024-de “F” toparçada Portugaliýadyr Türkiýäniň hem-çe Çehiýanyň ýygyndylary bilen özara duşuşar.