Adamzat durmuşynda entek telewizoryň ýa-da elektron enjamlaryň pikiri hem edilmeýän döwürde köpçüligi güýmemek we wagtyny gyzykly geçirmek maksady bilen ilkinji sahna oýunlary peýda bolýar. Greklerde oýlanyp tapylan komediýa sungaty şäheriň daşyndaky ýörite meýdançada ýerine ýetirilip, oňa ýüzlerçe adam ýygnanypdyr. Bu ilkinji sahna oýunlary hasaplanýar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji teatr oýny V asyryň başynda Afiny şäherindäki Akropolda ýerleşýän Dioniz teatrynda bolup geçýär. Şondan soňra teatr tomaşa edilýän meşhur güýmenjä öwrülip, bütin Gresiýa ýaýraýar. Ýurtda teatr jaýlary peýda bolup, sahna oýunlary üçin ýörite eserler ýazylyp başlanýar.
Her ýylyň 27-nji martynda Bütindünýä teatr güni halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilip geçilýär. Baýramçylyk gününde teatr sungatynyň ähmiýeti, adamzat durmuşynda eýeleýän orny we ynsanlara ýetirýän täsiri barada maslahatlardyr ýygnanyşyklar geçirilýär. «Teatr» sözi «teatron» grek sözünden gelip çykyp, «görmek üçin ýer» diýen manyny aňladýar. Sahna eserlerini täsiri taýdan iki topara – komediýa (şadyýan) we tragediýa (gaýgyly) oýunlara bölmek mümkin. Teatrda aktýorlardyr aktrisalar hereketiň, sözüň we aýdym-sazyň üsti bilen hakyky we hyýaly durmuş wakalaryny janly şekilde tomaşaçylara ýetirýärler. Teatr şu günki we bolup geçen wakalara esaslanmak bilen tomaşaçylara durmuş sahnasyny açyp berýär. Teatr sahnasynda, esasan hem, şol ýurduň taryhy, däp-dessurlary we medeniýeti şöhlelendirilýär.
Bütindünýä teatr gününiň taryhy
Halkara teatr instituty (ITI) 1961-nji ýylda ilkinji gezek Bütindünýä teatr gününi belleýär. 1962-nji ýyldan her ýylyň 27-nji martynda bu sungat baýramçylygy köpçülikleýin bellenilip başlanýar. Bütindünýä teatr güni mynasybetli halkara derejesinde we dünýä döwletleriniň köpüsinde teatr eserleri sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylar bilen gyzykly pikirler paýlaşylýar. Meşhur teatr ussatlaryna söz berlip, olaryň sahna baradaky gyzykly gürrüňleri diňlenilýär. Käbir ýurtda şol gün sungat işgärlerini sylaglamak dabaralary hem geçirilýär. Bütindünýä teatr gününi geçirmegiň maksady – Ýer ýüzünde dürli sungat görnüşleriniň ähmiýetine ünsi çekmek, köpçüligiň arasynda sungat görnüşleriniň gymmatyny ýokarlandyrmak, teatrda milligi görkezmäge mümkinçilik döretmek we sahna eserlerinden lezzet almak.