Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy – Prezident saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlaryň netijesi boýunça Sosial-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Sooronbaý Žeenbekow sesleriň 54,28 göterimini gazanyp, prezidentlige saýlandy. Onuň esasy bäsdeşi Omurbek Babanow bolsa, sesleriň 33,41 göterimini aldy. Saýlawlara 11 dalaşgär gatnaşdy.
Sooronbaý Žeenbekow soňky ýyllarda gyrgyz syýasatynyň öňe çykaran esasy syýasatçylarynyň biri boldy. 58 ýaşly Žeenbekow mundan ozal ýurduň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýärdi.