Pyşbaga bedeni çanaklyk bilen örtülen süýreniji bolup, haýal hereketi bilen tapawutlanýar. Süýrenijileriň bu görnüşi Antarktidadan başga ähli yklymda duş gelip, esasy bölegi Demirgazyk Amerikada we Günorta Aziýada ýaşaýar. Ýer ýüzünde çanakly süýrenijileriň 350-den gowrak görnüşi bar. Pyşdyllaryň köpüsi gury ýerde, kölleriň kenarynda we derýa ýakalarynda ýaşasa, käbiri ummanlarda duş gelýär. Käbir görnüşi bolsa tokaýlarda we çöllerde ýaşaýar.
Pyşdyllary ýaşaýan ýerine baglylykda gury ýer pyşdyly, deňiz pyşdyly we suw pyşdyly ýaly toparlara bölmek mümkin. Daşky görnüşine baglylykda gaplaň pyşbagasy, agaç pyşbagasy, Gündogar ysly pyşbaga, reňklenen pyşbaga, palçyk pyşbagasy, göwher pyşbagasy, ýumşak gabyk pyşbagasy, Afrika kaskaly pyşbaga, zeýtun pyşbagasy ýaly görnüşleri bar. Bu süýrenijileriň iň kiçisiniň ululygy 10 santimetrden geçmeýär. Deňizde ýaşaýan pyşdyllar gury ýer pyşdyllaryndan ululygy bilen tapawutlanyp, Atlantik deri pyşbagasynyň ululygy 2 metre, agramy 680 kilograma ýetýär. Pyşdylyň suwda ýaşaýan kiçijik görnüşine «terrapin» diýilýär.
Pyşbagalar howp abanan ýagdaýynda uzyn boýnuny, gysga aýaklaryny we guýrugyny çanagynyň içine düýrläp goranyp bilýärler. Pyşdylyň käbir görnüşi howp abananda çanagynyň içinde gizlenmän, garşydaşyny «dişläp» gorkuzýar. Gury ýer pyşbagalarynyň öňki we yzky aýaklarynyň barmagynda dyrnaklary bolýar. Deňiz pyşdyllarynyň barmaklarynyň arasynda perdesi bolup, suwda ýüzmegini üpjün edýär. Balykdan tapawutlylykda, deňiz pyşbagasy suwuň düýbünde dem almaýar. Şor suwa uýgunlaşan pyşdyllar suwuň ýüzüne çykyp, dem alandan soň, ýene-de aşak çümýärler. Deňiz pyşdyllarynyň hereketi olaryň suwuň aşagynda näçe wagtlap saklanyp biljekdigine täsir edýär. Eger-de deňiz pyşdyly işjeň hereketde bolsa, her 1-2 sagatdan suwuň ýüzüne çykyp dem almaly bolýar. Eger-de ukuda ýa-da dynç alýan bolsa, suwuň düýbünde 4-7 sagada çenli saklanyp bilýär.
Pyşbagalaryň köpüsi ösümlikler bilen iýmitlenýän hem bolsa, gurçuk, suwöküz, mör-möjek iýýän görnüşleri hem bar. Pyşdyllaryň käbiri edil düýeler ýaly çanagynda ýag toplaýar hem-de birnäçe hepdeläp hiç zat iýmezden oňup bilýär. Çölde ýaşaýan pyşdyllar bolsa çanagynda ätiýaçlyk suw toplap, bir ýyla çenli suwsuzlyga çydap bilýärler.
Köpeliş möwsüminde pyşbagalar beýleki süýrenijiler ýaly ýumurtgasynyň üstünde oturmaýarlar. Çanakly süýrenijiler köpelmek üçin çukur gazyp, ýumurtgasyny ýere gömýärler. Deňiz pyşdyllary hem ýumurtgalamak üçin çägeli kenara gelýärler. Bir pyşdyl köpelmek üçin 50-150 aralygynda ýumurtga taşlaýar. 50-60 günden soň ýumurtgalardan pyşdyljyklar çykyp, Ýeriň ýüzünde peýda bolýarlar. Ýeriň ýylylygy pyşdyllaryň jynsyna we ýumurtgadan näçe wagtdan çykjakdygyna täsirini ýetirýär. Kiçijik pyşdylyň «kämillik ýaşyna ýetmegi» üçin 20 ýyl gerek. Agajyň ýaşynyň ulaldygyça sütünindäki halkalaryň köpelişi ýaly, pyşdyllaryň hem ýyl geçdigiçe çanagyndaky nagyşlary we gasynlary köpelýär. Howanyň sowamagy bilen pyşdyllar palçyga gömlüp ýatýarlar, emma gyş ukusyna gitmeýärler.
Pyşdyllar barada gyzykly maglumatlar
Pyşbagalar dünýädäki iň gadymy süýrenijileriň biridir. Bu jandarlar 200 million ýyl mundan ozalky dinozawrlaryň döwrüne degişlidir.
Pyşbaganyň çanagy aslynda onuň skeletiniň (süňk düzümi) bir bölegidir. Çanaklyk pyşbaganyň gapyrgasy we oňurgasy ýaly 50-den gowrak süňkden emele gelýär.
Pyşbaganyň dişi bolmaýar. Olaryň äňindäki gaty ak gabygy iýmit çeýnemäge ýardam edýär.
Süýji suwda we deňizde ýaşaýandygyna garamazdan, pyşbagalar «amniotlar» (howadan dem alýanlar) toparyna degişli bolup, ýumurtgasyny gury ýerde goýýarlar.
Pyşdyllar janly-jandarlaryň iň uzak ýaşaýan görnüşi bolup, ortaça 50 ýyla çenli ýaşap bilýärler. Seýşel adasynda ýaşaýan pyşbagalar uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýar. Bu adanyň «ýerli ýaşaýjysy» Jonatan häzir 191 ýaşynda.