28-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň – türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler, esasan hem, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň arasynda habar alyşmak pudagyndaky Hyzmatdaşlyk Memorandumyna esaslandylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde TASS habarlar agentliginiň žurnalistiniň akkreditirlenmegi Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleriň öz wagtynda şöhlelendirilmegine getirdi we bu habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm itergileriň biri boldy.
Şeýle hem, Türkmen tarapy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we metbugat pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen ilkinji amal etmeli işleriň biri bolup, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň global maglumat giňişligine integrirlenmegi we ýurduň durmuşyny we döwletara gatnaşyklaryny giňişleýin beýan etmek boýunça, türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen giň gerimlidigini belläp geçdi.
Taraplar habar beriş serişdeleri agentliginiň işini ýola goýmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar we iki ýurduň ýeten sepgitleri babatynda habar alşylmagyny goldamagy ylalaşdylar.