Gazagystan bilen Germaniýanyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde umumy bahasy takmynan, 2 milliard dollara barabar bolan 30-dan gowrak söwda-ykdysady resminama gol çekildi. Bu barada 29-njy sentýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Berlinde Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça guralan brifingde mälim etdi.
Gazagystanyň Baştutany bu ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigini nygtap, gepleşikleriň örän mazmunly we netijeli geçendigini belledi. Ol taraplaryň islendik gapma-garşylygy parahatçylykly we diplomatik ýol bilen çözmegi esasy maksat edinýändigini, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit we global gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Gazagystan Germaniýa bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli we anyk netijelere gönükdirilen strategiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Mundan başga-da, Kasym-Žomart Tokaýew 30-njy sentýabrda Bawariýa baryp, gazak-bawariýa tehnologiýasy forumyna gatnaşjakdygyny köpçülige mälim etdi.
PDF








