Italiýanyň merkezi sebiti Umbriadaky Wigi kölüniň üstünde Ýewropanyň iň beýik Tibet köprüsi açyldy. Ýeriň derejesinden 175 metr beýiklikdäki köpriniň uzynlygy 517,5 metre ýetip, onda 1023 basgançak bar.
Asma köpri Sellano we Montesanto obalaryny birleşdirýär. Ony doly geçmek üçin 30-dan 45 minut aralygynda wagt gerek bolar. “Basgançaklaryň arasyndaky aralyk adrenalin tizligini ýokarlandyryp, ony ýeňip geçmek üçin uly batyrlyk we başdan geçirmelere teşnelik talap edýär” diýlip, bu ajaýyp desganyň resmi web sahypasynda bellenilýär.
Köprüden geçmek kararyna gelenler howpsuzlyk kemerleri bilen üpjün ediler. Bu ýere gelýänleriň boýy azyndan, 120 santimetr bolmaly, ruhy we beden saglygy hem gurat bolmaly. “Ýyl boýy işlejek köprüde petegiň bahasy 25 ýewro bolar” diýlip, “Wanted in Rome” web sahypasynda bellenilýär.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Hytaýyň Çunsin şäheriniň golaýyndan geçýän Ýanszy derýasynyň üstünde dünýäniň iň uly futuristik asma köprüsi ulanmaga berildi. Onuň iki ugry boýunça awtoulaglar we otlular hereket edýärler.