Saud Arabystanynynyň “QSS AI & Robots” kompaniýasy “Sara” atly gumanoid robotyny hödürledi. Bu ýurduň ilkinji zenan şekilli robotydyr diýip, “Business Insider” saýty habar berdi. “Sara” boýy 1,62 metr bolan 25 ýaşly gyz hökmünde tanadyldy. Saud Arabystanynyň milli lybasy geýdirilen robot zenan arap we iňlis dillerinde gürleýär. “Sara” dolulygyna Saud Arabystanynda işlenip düzüldi. Patyşalyk “Saranyň” ýardamy bilen robot we emeli aň pudagynda gazanan üstünliklerine ünsi çekmek isleýär. Mundan birnäçe aý öň, ady agzalan kompaniýa erkek robot “Muhammet” bilen tanyşdyrdy.