Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da pre­zi­dent saý­la­wy ge­çi­ril­ýär. Ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma bu we­zi­pe­dä­ki ikin­ji möh­le­ti­ni ýy­lyň ahy­ryn­da ta­mam­la­ýar. Şo­nuň üçin ýur­duň saý­law ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, no­ýabr aýy­na çen­li äh­li ştat­lar­da pre­zi­dent­li­ge da­laş ed­ýän da­laş­gär­le­riň ara­syn­da öza­ra bäs­le­şik ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa il­kin­ji saý­law­ hem di­ýil­ýär. ABŞ-da pre­zi­dent­lik we­zi­pe­si bo­ýun­ça bäs­le­şik, esa­san hem, iki par­ti­ýa­nyň – De­mok­rat­la­ryň hem-de Res­pub­li­kançy­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len il­kin­ji saý­law­yň ne­ti­je­si bo­ýun­ça De­mok­rat par­ti­ýa­syn­dan Hil­la­ri Klin­ton, Res­pub­li­kan par­ti­ýa­syn­dan bol­sa, işe­wür Do­nald Tramp öň­de bar­ýar. Ge­çen hep­dä­niň si­şen­be gü­ni ýur­duň 5 şta­tyn­da il­kin­ji saý­law ge­çi­ril­di. Do­nald Tramp şo­la­ryň bä­şi­sin­de-de ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol Pen­sil­wa­ni­ýa, Me­ri­lend, Kon­nek­ti­kut, De­la­wer, Rod-Aý­lend ştat­la­ryn­da bäs­deş­le­ri Ted Kruz­dan hem-de Jon Keý­sik­den öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy.
Ted Kruz bi­len Jon Keý­sik Tram­pyň ar­tyk­maç­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup, güýç­le­ri­ni bir­leş­dir­mek ka­ra­ry­na gel­di. Mund­an soň­ky saý­law­­da Kruz In­dia­na­da, Keý­sik bol­sa, Ore­gon­da we Nýu-Mek­si­ko­da Tramp­dan öňe saý­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär.
De­mok­rat par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gär­le­ri Hil­la­ri Klin­ton bi­len Ber­ni San­ders hem ýo­kar­da ag­za­lan 5 ştat­da has köp ses al­mak üçin bäs­leş­di. Bu ýer­de bel­li sy­ýa­sat­çy, ýur­duň öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Hil­la­ri Klin­ton ar­tyk­maç­lyk ga­zan­dy. Ol 5 şta­tyň 4-in­de saý­law­çy­la­ryň has köp se­si­ni al­ma­gy ba­şar­dy.