Hytaý Halk Respublikasynda şalynyň täze görnüşi peýda boldy. Oba hojalyk ekininiň boýy 2,2 metre çenli uzap gidýär. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Subtropik oba hojalyk instituty habar berýär. Ägirt uly şaly Hunan welaýatynyň Şaoýan, Çande, Çžuçžou hem-de Çanşa şäherlerinde ekildi. Garaşylyşy ýaly, boýy 1,8 metre ýetýän şalynyň hasyllylygynyň 1 gektardan 11,5 tonna tüwä barabar boljakdygy aýdylýar. Adaty şalylardan onuň hasyllylygy 15-20 göterim köp bolar.