Tutuş dünýäde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmaga uly ähmiýet berilýär. Dünýä belli kompaniýalar munuň üçin täzeçil oýlap tapmalaryň üstünde işleýär. Ýaňy-ýakynda Ýaponiýanyň “Yamaha” kompaniýasy oba hojalyk dronyny köpçülige hödürledi. “YMR-01” tehnologik enjamy arkaly oba hojalyk meýdanlaryna dürli himiki dökünleri sepmegiň has-da amatlydygy mälim edildi. Onuň satuwyna 2018-nji ýylda başlamak göz öňünde tutulýar.
Mundan ozal hem, bu ugurda birnäçe tehnologik enjamlary öndüren “Yamaha” kompaniýasynyň täze önümi 10,1 inedördül metre barabar meýdana dökün dökmek mümkinçiligine eýedir.