Geçen hepdäniň dynç güni, ýagny, 15-nji oktýabrda Aws-triýa Respublikasynda parlament saýlawlary geçirildi. 6,4 million saýlawçy ýurduň Milli Geňeşiniň 183 deputatyny saýlamak üçin ses berdi. Saýlawyň jemlerine görä, ýurduň daşary işler ministri Sebastýan Kursuň ýolbaşçylygyndaky Awstriýanyň Halk partiýasy ýeňiş gazandy. Bu partiýa sesleriň 31,4 göterimine eýe boldy. Ikinji orny Awstriýanyň Özbaşdaklyk partiýasy eýeläp, sesleriň 27,4 göterimini gazandy. Kansler Kristian Kerniň baştutanlygyndaky Sosial-demokratik partiýasy 26,7 göterim ses alyp, üçünjiligi eýeledi.
Wagtyndan öň geçirilen parlament saýlawlaryndan soň täzeden düzüljek hökümet, esasan hem, migrasiýa, howpsuzlyk, ykdysadyýet, iş bilen üpjünçilik, bilim, durmuş-maşgala syýasatyna has köp üns berer. Täze hökümetiň düzüminde saýlawda öňdäki orunlary eýelän Awstriýanyň Halk partiýasynyň, Awstriýanyň Özbaşdaklyk partiýasynyň hem-de Sosial-demokratik partiýasynyň wekilleri bolar.