Owganystan Yslam Respublikasy Hytaýyň başlangyjy bilen döredilen Aziýanyň infras-trukturalar boýunça maýa goýum bankynyň (AIMB) resmi agzasy boldy. Bu barada ýurduň maliýe ministrligi habar berýär.
Ministrligiň habar bermegine görä, Owganystanyň maliýe ministri Eklil Hakimi ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Halkara Pul Gaznasy bilen Bütindünýä Bankynyň her ýyl geçirilýän güýzki mejlisinde AIMB-niň başlygy Szin Lisýun bilen duşuşdy. AIMB-niň ýolbaşçysy owgan tarapyna agzalyk şahadatnamasyny gowşurdy.
Ikitaraplaýyn duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk, hususan-da, Gün energiýasy önümçiligi, maýa goýum taslamalary, Hytaý–Gyrgyzystan–Täjigistan–Owganystan–Eýran demirýoly taslamasy barada pikir alşyldy.