Dün­ýä­niň iň köp ag­za­ly sy­ýa­sy par­ti­ýa­sy ha­sap­lan­ýan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň 19-njy mej­li­si ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň 18-nji okt­ýab­ryn­da öz işi­ne baş­lan par­ti­ýa­nyň mej­li­si 24-nji okt­ýab­ra çen­li do­wam eder. 25-nji okt­ýabr­da bol­sa, par­ti­ýa­nyň mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň 19-njy ça­gy­ry­ly­şy­nyň il­kin­ji ýyg­na­gy ge­çi­ri­ler. Şol ýyg­na­gyň çäk­le­rin­de par­ti­ýa­nyň sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň hem-de sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň tä­ze dü­zü­mi mä­lim edi­ler.
Mej­li­siň ba­şyn­da Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň 18-nji ça­gy­ry­ly­şy­nyň adyn­dan par­ti­ýa­nyň baş sek­re­ta­ry Si Szin­pin mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ge­çen 5 ýy­lyň do­wa­myn­da ta­ry­hy üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­läp, 12-nji bäş­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny, 13-nji bäş­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di.
Si Szin­pin ha­sa­bat döw­rün­de Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ösüş ga­za­nyp, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň 54 tril­li­on ýu­an­dan 80 tril­li­on ýu­ana çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny bel­län Si Szin­pin bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji or­ny ynam­ly eýe­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Hy­ta­ýyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne go­şan­dy­nyň 30 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lan­dy­gy­ny mä­lim eden par­ti­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy yk­dy­sa­dy­ýet­de dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin de­giş­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le hem ila­tyň dur­muş ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak üçin köp iş­le­riň edi­len­di­gi­ni bel­län Si Szin­pin şol ne­ti­je­li mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ga­ryp­ly­ga gar­şy gö­reş­de oňat ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny, 60 mil­li­on­dan gow­rak ada­myň ga­ryp­lyk­dan çy­kan­dy­gy­ny we ga­ryp­ly­gyň gör­ke­zi­ji­si­niň 10,2 gö­te­rim­den 4 gö­te­ri­me çen­li aza­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Bi­lim pu­da­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ri­len­di­gi­ni mä­lim eden Si Szin­pin ila­ty iş bi­len üp­jün et­mek­de-de go­wy gör­ke­zi­ji­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny, ýyl­lyk or­ta­ça tä­ze iş orun­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­niň şä­her­ler­de we oba­lar­da 13 mil­li­on orun­dan gow­rak bo­lan­dy­gy­ny belledi.
Dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň orun alan par­ti­ýa­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne 3000-den gow­rak hy­taý­ly we da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list gat­naş­dy.