Ýewropanyň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” bilen Kanadanyň “Bombardier Inc.” şereketi “CSeries” uçarlarynyň önümçiliginde bilelikde hyzmatdaşlyk eder. Bu ugurda işlenip düzülen taslamanyň paýnamalarynyň uly bölegi “Airbus”-a degişli bolar.
Täze uçar önümçiliginde iki iri kompaniýanyň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi. Resmi maglumatlara görä, öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda 6 müňden gowrak täze uçar öndüriler. Uçar önümçiliginiň merkezi Kanadanyň Kwebek şäheri bolar. Ol şol birwagtda “Bombardier Inc.” kompaniýasynyň merkezi binasynyň ýerleşýän şäheridir.
– Bu hemmeler üçin peýdaly ylalaşyk. “CSeries” uçarlary daşky keşbi, ykdysady görkezijileri bilen bir hatarda, gysga aralyga uçuşlarda uly islegden peýdalanylýar. Kanadanyň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygymyz söwdamyzy artdyrar – diýip, “Airbus”-yň baş direktory Tom Enders gürrüň berýär.
“Bombardier Inc.” – Kanadanyň korporasiýasy bolup, ulag ulgamynyň önümçiliginde hem-de innowasion teklipleri taýýarlamakda öňdebaryjylaryň biridir, raýat awiasiýalary hem-de işewürler üçin öndürýän uçarlary bilen meşhurdyr. “Airbus” – Ýewropanyň iri awiagurluşyk konserni bolup, ol Fransiýada ýerleşýär.