“Sot­he­by’s” söw­da-sa­tu­wyn­da De­mir­ga­zyk Sun döw­rü­ne de­giş­li Hy­ta­ýyň far­for­dan ýa­sa­lan tabagy 37,7 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Bu gabyň 1000 ýyl mun­dan ozal ýa­sa­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. 20 mi­nut do­wam eden söw­da-sa­tu­wy­nyň çäk­le­rin­de ta­ry­hy eser üçin baş­lan­gyç ba­ha 10,2 mil­li­on dol­lar hö­dür­len­di. Iň soň­ky ba­ha te­le­fon ar­ka­ly be­ril­di. Bu ba­ra­da “Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Hy­ta­ýyň De­mir­ga­zyk Sun im­pe­ri­ýa­sy­nyň döw­rü­ne de­giş­li şeý­le senetçilik önümleriniň 4 sa­ny­sy bar. Mun­dan ozal, Hy­taý­da irki dö­wür­ler­de far­for­dan ýa­sa­lan ta­ry­hy eser­le­re 36 mil­li­on dol­lar hö­dür­le­nip­dir. 2014-nji ýyl­da hy­taý­ly işe­wür XV asy­ra de­giş­li şeý­le tabagy şol ba­ha sa­tyn alyp­dy.
Şu ýy­lyň baş­la­ryn­da Gon­kong şä­he­rin­de ge­çi­ri­len söw­da-sa­tu­wyn­da far­for­dan edi­len baş­ga bir gap 30 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn alnyp­dy.