Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda toplumynyň sergisi açyldy.
Üç gün dowam etjek serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Sergide iki ýüzden gowrak düzümleriň, şeýle hem dürli ugurlarda iş alyp barýan ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler we hyzmatlar giň görnüşleri görkezilýär.


Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Miras modeller öýi tarapyndan taýýarlanan egin-eşikleriniň görkezilişi boldy. Lybaslaryň görkezilişi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Sergi 5-nji aprelde 15:00-a çenli dowam eder.