Bütindünýä bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek mejlisinde Transanadoly gaz geçirijisi (TANAP taslamasy) üçin Türkiýe Respublikasyna 1 milliard dollar karz pul serişdesini bermek babatda karar kabul ediler. Bu barada halkara maliýe edarasynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe serişdesiniň galan bölegini, ýagny 1,12 milliard dollaryny Ýewropanyň maýa goýum bankyndan almak göz öňünde tutulýar. Karz serişdeleri uzak möhletleýin esasda berilýär.
TANAP taslamasynyň konsorsiumynyň ýolbaşçysy Saltuk Düzýoluň aýtmagyna görä, taslamanyň Türkiýeden geçýän böleginde köp işler amala aşyryldy. 440 kilometre uzalyp gidýän gaz geçirijisi boýunça kebşirleýiş işleri geçirildi. Gaz geçirijisiniň deňziň aşagyndan geçýän bölegi üçin halkara kompaniýalary bilen degişli ylalaşyklara gol çekildi.
TANAP taslamasyna laýyklykda, Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň günbatar serhedine çenli eltmek göz öňünde tutulýar. Taslamanyň paýdarlarynyň düzümi şeýle: SOCAR 58 göterim, BOTAŞ 30 göterim we BP 12 göterim.